Kolorado ştatynyň kitaphanasy resmi web sahypasynda 105 ýyl mundan ozal getirilmeli bir kitabyň ýaňy-ýakynda yzyna gaýtarylyp berlendigini habar berdi. Walter Skottyň «Aýwengo» atly taryhy romanynyň gapagyndaky maglumatlara seretseň, kitap 1919-njy ýylyň 13-nji fewralynda yzyna berilmelidi. Şeýle-de bolsa, şu ýyl bir aýal eseri kitaphana getirdi we doganynyň Kanzasda ejeleriniň goşlaryny tertipläp ýörkä ony tapandygyny aýtdy. Kanuna görä, kitap wagtynda yzyna gaýtarylmasa, eýesine günde iki sent jerime salynýar. Eseri almak üçin habarçy iberilse, goşmaça 25 sent tölenýär. Şeýlelik bilen, yzyna gaýtarylmadyk roman üçin jerime 14 müň dollara barabar boldy. Bolsa-da, Kolorado kitaphanasy 2020-nji ýylyň noýabr aýynda jerime tölegini almagyny bes etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir