Ýetginjekleriň internetden aşa köp peýdalanmagy olaryň ukusyna we şähdine ýaramaz täsir edýär. Angliýanyň, Malaýziýanyň we Awstraliýanyň alymlary dürli ýurtlaryň maglumatlary seljerilenden soň şeýle netijä geldiler. Gözlegiň netijeleri Information Technology & People žurnaly tarapyndan neşir edildi. Hünärmenler interneti günde uzak wagtlap ulanmagyň we smartfonyň öňünde oturmagyň ýaşlarda ukusyzlygyň we depressiýa alamatlarynyň döremegine sebäp bolýandygyny anykladylar. Munuň sebäbi, internetiň olary durmuşdaky köp sagdyn çärelerden, mysal üçin, sosial gatnaşyklardan we fiziki işjeňlikden binesip goýýandygy bilen baglanyşykly. Gözlegiň awtorlaryndan biri, internetde sarp edilýän wagt, köplenç, çäksiz we tertipsiz bolýar. Käbir adamlar kompýuter oýunlaryny aşa köp oýnamazlyga çalyşýarlar, ýöne durmuşyň beýleki ugurlarynda (okuw, iş, dynç alşyň beýleki görnüşleri) internetiň ulanylmagynda hiç hili çäklendirmeler ýok. Gözlegçiler internet bilen bagly bolmadyk çäreleriň meşhurlygyny artdyrmaga çagyrýarlar: ukyny dogry guramaklyga höweslendirmek (ýatmazyň öňýany enjamlardan gaça durmak), çagalary mekdepden soň sport bilen meşgullanmaga çekmek we biri-biri bilen janly aragatnaşyk saklamaklaryna kömek etmek. Şeýle hem, internetde oturýan wagtyňyzy çäklendirip, ony iş / okuw we dynç alyş bilen sazlaşykly utgaşdyryp paýlamaklyga düşünjeli çemeleşmek möhümdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir