ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden “Artemida” maksatnamasynyň çäginde Aýa Ýaponiýadan astronawt ibermegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Şeýlelik bilen, ýaponiýaly astronawt Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne amerikalylardan soň aýak basan ilkinji adam bolup biler diýip, TASS habar berýär. “Biz [gepleşiklerde] Ýaponiýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ylym-bilim ugrundaky gatnaşyklary tassykladyk... Ýapon astronawtlary Amerikanyň geljekki missiýalaryna goşularlar, olaryň biri bolsa Aýa düşjek ilkinji amerikaly däl astronawt bolar" diýip, Baýden Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişidanyň 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Waşingtona sapary wagtynda eden çykyşynda belläp geçdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ozal onýyllygyň ahyryna çenli ABŞ-nyň raýaty bolmadyk astronawtlary Aýa ibermek meýilnamasyny yglan edipdi. Şeýle-de bolsa, ýapon astronawtynyň ady we uçjak senesi entek belli däl. “Artemida” maksatnamasynyň çäginde astronawtlaryň Aýyň ýüzüne gonjak ilkinji missiýasynyň (“Artemida III”) 2026-njy ýyla meýilleşdirilendigini ýatladýarys. Soňra ilkinji zenan we ilkinji afroamerikaly Aýa gonmaly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir