Naked Science-iň habar bermegine görä, Pompeýde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlar gadymy şäheriň merkezi böleginde Troýa urşuna bagyşlanan freskalar bilen bezelen banket zaly tapyldy. Zalyň owadan gara reňkde edilen diwarlary şol döwrüň suratkeşleri üçin hakyky kendire öwrülipdir. Freskalarda Gadymy Gresiýanyň mifologiýasyndaky wakalar, şeýle hem rowaýata öwrülen Troýa söweşiniň wakalary şekillendirilýär. Gadymy Rimiň gülläp ösen şäheri bolan Pompeýiň b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde kül we pemza gatlagynyň aşagynda galandygyny ýatladýarys. Şäheriň harabalyklary XVII asyrda tapyldy we gazuw-agtaryş işleri 1748-nji ýylda başlandy. Şondan bäri gözlegçiler wagtal-wagtal şäherde täze açyşlaryň üstünden barýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir