"Barselona" Ispaniýanyň çempionatynyň 32-nji tapgyrynyň “Real Madride” garşy oýny üçin täze eşik toplumyny hödürledi. Oýunçylaryň futbolkalarynda kolumbiýaly zenan aýdymçy Karol G-niň nyşany bolar diýip, RBK habar berýär. Karol G dünýäde, esasanam, Latyn Amerikasynda iň meşhur aýdymçylaryň biridir. Ol Spotify-da dört ýyl bäri bu sebitdäki iň diňlenilýän aýdymçy bolup, onuň aýdymlary platformadaky 100 milliondan gowrak pleýlist sanawyna girizildi. “Barselonanyň” futbolkalarynda Karol G nyşany tikenlerden edilen ýürek görnüşinde ýasalypdyr - aýdymçynyň elinde hem şeýle surat bar. “Barselonanyň” sazandalaryň nyşany basylan futbolka geýip, meýdança ilkinji gezek çykyşy däl. Baş hemaýatkäri, Şwesiýanyň Spotify akym hyzmaty bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bu klub öň Rolling Stones we repçi Dreýkiň nyşanlary basylan eşikleri hödürläpdi. “Barselona” bilen “Realyň” arasyndaky oýun 21-nji aprelde “Santýago Bernabeu” stadionynda geçiriler. “Barselonanyň” 2022-nji ýylyň martynda Spotify bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşandygyny ýatladýarys. Ylalaşygyň çäginde toparyň öý meýdançasynyň ady "Spotify Kamp Nou" adyna üýtgedildi. Şertnamanyň bahasy dört ýyl üçin 280 million ýewro.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir