Şu gün Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy badalga aldy. 20-nji aprele çenli dowam etjek ýaryş Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilýär. Ýaryşda Türkmenistana ýurduň sekiz gezek çempiony – “Galkan” kluby wekilçilik edýär. Şeýle hem ýaryşa on ýurtdan toparlar gatnaşýar. "Biz ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini, hususan-da, hokkeýi ösdürmäge uly üns berýäris, bu ugurda amatly şertleri, mümkinçilikleri döredýäris. Häzirki wagtda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport desgalarynyň döwrebap ulgamy hereket edýär, hokkeý boýunça milli çempionatymyz yzygiderli geçirilýär, hokkeý toparlarymyz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Bu halkara ýaryşyň hem Diýarymyzda sportuň hokkeý görnüşiniň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn" diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir