Lewerkuzeniň «Baýeri» taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy. Klubuň futbolçylary ýaryşyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda möhletinden öň çempion boldular. Topar ýaryşyň 29-njy tapgyrynda «Werder» bilen geçirilen oýundaky ýeňşinden soň nemes futbolynyň esasy kubogynyň eýesi boldy. Duşuşyk «Baý Arena» stadionynda geçirildi we meýdançanyň eýeleriniň uly ýeňşi bilen tamamlandy – 5:0. Wiktor Bonifaseniň (penalti), Granit Jakanyň we het-trik eden Florian Wirsiň takyk urgulary lewerkuzenlilere bu üstünligi getirdi. Bremenliler garşydaşlaryna hiç hili jogap berip bilmediler. Şeýlelikde, «Baýer» ligada ýeňilmezligini dowam etdirýär: 29 oýun, 25 ýeňiş, 4 deňlik. Möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda «Baýer» bilen ikinji orunda barýan «Bawariýanyň» arasyndaky tapawut 16 utuga deň boldy. Mýunhenlileriň galan oýunlarda şeýle aratapawudy geçmegi matematiki taýdan mümkin däl. Netijede, topar takmynan 120 ýyllyk taryhynda ýurtdaky ilkinji çempionlygyny aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir