SpaceX kompaniýasy Florida ştatynyň Kanaweral burnundan Starlink-iň 23 hemrasyny alyp barýan Falcon 9 raketasyny üstünlikli uçurdy. Bu iki sebäbe görä möhüm uçuryş boldy: Basgançagyň 20-nji uçuşy: Taryhda ilkinji gezek Falcon 9 raketasynyň birinji basgançagy 20-nji üstünlikli uçuşyny tamamlady. Bu üstünlik SpaceX raketasynyň ygtybarlylygyny we ony gaýtadan ulanyp boljakdygyny görkezýär, ulanyşda tygşytly edýär. Uçuryşlaryň arasyndaky iň gysga wagt boýunça täze rekord: Kanaweral burnundan uçurylyş öňkiniň yzýanyndan we şu meýdançadan goýberilen iň çalt uçuş boldy. Iki uçurylyşyň arasyndaky tapawut - bary-ýogy 2 gün 20 sagat boldy, bu öňki rekorddan 21 sagat çalt. Rekord goýan basgançagyň deňizde ýüzýän platforma üstünlikli gonandygyny, munuň bolsa geljekde ony ulanmaga mümkinçilik berýändigini bellemelidiris.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir