Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, binýatlyk ýagy hem-de gaplaýyş plýonkasyny satyn aldylar. Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine nah ýüplük, şeýle hem buýan köküniň çaý ergini ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 320 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin float list aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 599 müň manatdan gowrak boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir