Türkmenistanda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriň I tapgyrynyň netijeleri yglan edildi. Ders bäsleşigi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guraldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. I tapgyrda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça onlaýn-ders bäsleşikleriň dördüsinde paýtagtymyzdan hem-de ýurdymyzyň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylaryň 469-sy çykyş etdiler. 237 okuwçy has köp utuk toplap, bäsleşikleriň jemleýji II tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar. Olaryň hatarynda Aşgabatdan 81, Mary welaýatyndan 42, Lebap welaýatynda 32, Balkan welaýatyndan hem şonça, Daşoguz welaýatyndan 26 we Ahal welaýatyndan 24 okuwçy bar. Jemleýji II tapgyry 22-nji aprelde onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirildi. Ders bäsleşiklerde I, II we III orunlary eýelän ýeňijiler hem-de baýrak eýeleri, şeýle hem höweslendiriji orunlara mynasyp boljaklar Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebinden Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden ýadygärlik baýraklar gowşurylar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir