Nýu-Ýork uniwersitetiniň geçiren gözlegleri ýaşlyk ýyllarynda durnuksyz iş tertibinde zähmet çeken adamlaryň 50 ýaşdan soň depressiýa we ukusyzlyga duçar bolýandyklaryny we dürli keseller bilen göreşmekde has ejiz bolýandyklaryny anyklady diýip, TechInsider habar berýär . Alymlar 50 ýaşdan uly 7 müňden gowrak adamyň ruhy ýagdaýyna we beden saglygyna baha berdiler. Netijeler şu aşakdakylary görkezdi: Gatnaşanlaryň 26% -i ýaşlyk döwründe adaty iş tertipde zähmet çekipdirler; 35%-i – köplenç, kadaly iş tertibinde zähmet çekip, diňe käwagt işden soň galyp işläpdirler; 17%-i - 20 ýaşynda adaty iş tertibine laýyk işläp başlanam bolsalar, soň durnuksyz iş tertibine geçipdirler (agşam / gije çalşyklaryndaky iş, wagty kadalaşdyrylmadyk iş sagatlary); 10%-i - gözleg döwründe işlemändirler. Alymlar, esasanam, gözlege gatnaşanlaryň 17% -li toparynda alnan görkezijiler bilen gyzyklandylar. Durnuksyz iş tertibi bu topary kesellere durnuksyz etdi, umumy saglyklarynyň ýaramazlaşmagyna, ukylarynyň bozulmagyna, fiziki ýadawlyga we sussupeslige düşmeklerine sebäp boldy. Gözlegçiler gözlegiň netijelerini iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygyny saklamagyň möhümdiginiň ýene bir subutnamasy diýip atlandyrdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir