Ýabany geçileriň köp bolmagyndan kösenýän Alikudi italýan adasynyň häkimi ähli isleg bildirýänlere mugt geçi almagy teklip etdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. 5 kilometrlik adada geçirilen ilat ýazuwy geçileriň sanynyň, takmynan, 100 adam bolan ilat sanyndan alty esse köpdügini görkezdi. Haýwanlaryň çendenaşa köp bolmak meselesi ilkinji gezek 2008-nji ýylda ýüze çykdy, ýöne soňky ýyllar ol has güýçlendi. Geçiler adamlaryň rahatlygyny bozup, ýerlerdäki baglary we ösümlikleri zaýalaýarlar, käwagt bolsa ýerli ýaşaýjylaryň öýlerine-de girýärler. “Öz geçiňi al” başlangyjynyň çäklerinde beýleki ilatly ýerleriň ýaşaýjylary-da ýüz tutup, 10-njy aprele çenli bir ýa-da birnäçe geçini alyp bilýär. Häkimiýetiň belleýşi ýaly, munuň üçin hökman fermer bolmaly däl. Çaklamalara görä, geçiler bu adada 20 ýyl töweregi mundan öň peýda bolupdyr. Ilkibaşda ýerli ýaşaýjylaryň biriniň haýwanlary köpeltmek meýilnamasy bolan, ýöne ol bu pikirden ýüz öwren bolsa gerek, şonuň üçin olar öz erkine goýberilipdir. Ýöne ýerli ýaşaýjylar adanyň gaýaly landşafty sebäpli haýwanlary daşamakda köp meseleleriň ýüze çykyp biljekdigini belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir