Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-da Pensilwaniýa ştatynda Readiness Institute bilim merkezine baryp gördüler. Sapar ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara wiziter liderligi Maksatnamasyny durmuşa geçirýän "Döwlet gullugy akademiýasy üçin elektron dolandyryş ulgamyny berkitmegiň mümkinçilikleri" taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Pittsburgda Pensilwaniýa uniwersitetiniň Franko Harris merkezinde geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen hünärmenleri elektron dolandyryş we bilim işinde emeli aňdan peýdalanmak ulgamynda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar. Taslama türkmen hünärmenlerine bilim ulgamynda häzirki zaman tehnologiki gazanylanlara syny hödürlemekden we bilim edaralary hem-de hususy tarap bilen bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir