Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Tesla-nyň robotlaşdyrylan taksisiniň tanyşdyryljak senesini yglan etdi diýip, Reuters habar berýär. Mask sosial ulgamdaky sahypasynda: «Tesla-nyň robotakisi 8-nji awgustda tanyşdyrylar» diýen ýazgyny paýlaşdy. Mask Tesla-nyň robotlaşdyrylan taksisiniň tanyşdyryljak senesini Reuters habarlar gullugynyň çeşmelere salgylanyp, amerikan awtoulag öndürijisiniň arzan köpçülikleýin elektomobil öndürmek meýilnamasyndan ýüz öwrendigini, ýöne onuň platformasynda robotlaşdyrylan taksi işläp düzmek meýilnamasyny dowam etdirýändigini habar bermeginiň yzysüre yglan etdi. Maskyň aýdanlaryndan soň Tesla-nyň paýnamalary 3%-den gowrak ýokarlandy diýip, Bloomberg ýazýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir