Android Authority neşiriniň žurnalistleri Android operasion ulgamynda smartfony monitora kompýuter hökmünde birikdirmek üçin ýörite režimi tapdylar. Bu barada neşiriň web sahypasynda habar berilýär. Ýörite režimde Android bilen işleýän smartfony monitora we klawiatura birikdirip, enjamy kompýuter hökmünde ulanyp bolýar. Ekranda diagonala uýgunlaşdyrylan interfeýs peýda bolar. Ykjam goşundylar aýratyn penjirelerde açylar, olary ekranda süýşürmek we göwrümini ulaltmak mümkin bolar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu režim ykjam enjamy ofis programmalary ýa-da güýmenje üçin ulanyp boljak kompýutere öwürer. Has amatlylyk üçin ekranda bir wagtyň özünde iki penjire ýerleşdirip bolar. Interfeýsiň ekranyň ýokarsynda ýerleşýän öz gurallar paneli bar. Žurnalistler Samsung-dan DeX-e çenli smartfon öndürijileriniň köpüsiniň enjamlaryna şuňa meňzeş iş režimlerini goşýandyklaryny bellediler. Täze režimiň Android 15-de peýda bolmagy mümkin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir