ABŞ-nyň gündogar kenarynda anna güni 4,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Ýertitremäniň merkezi Nýu-Ýorkdan 64 km günbatarda, Nýu-Jersi ştatynyň Týuksberi şäherinde boldy. Bu barada ABŞ-nyň Geologiýa gullugyna salgylanyp, Reuters habar berýär. Ýertitreme Nýu-Ýorkda diňleriň yrgyldamagyna sebäp boldy, bu hem şäheriň ýaşaýjylaryny howsala düşürdi. “Bu soňky ýüzýyllykda Gündogar kenarda iň uly ýertitremeleriň biri” diýip, Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Keti Hoçul belledi. Düýpli ýumrulmalar hasaba alynmady, ýöne gubernator täze titremeleriň bolup biljekdigi barada duýdurdy we bu hakykat boldy. Şol gün soňrak 4,0 bal ululykdaky täze titremeler Nýu-Ýorkdan bir sagat uzaklykda ýerleşýän Gledstoun şäherinden 7 kilometrlikde hasaba alyndy. Inženerler toparlary ýollary we köprüleri barlaýarlar. Nýu-Ýorkyň häkimi Erik Adams hiç kimiň zyýan çekmändigini aýtdy, ýöne şäheriň ýaşaýjylaryny täze titremeleri duýsalar gizlenmäge çagyrdy. Baltimordan Bostona çenli aralykdaky adamlar gürpüldi we titreme duýandyklaryny habar berdiler. Ýerasty titremeler sebäpli BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Nýu-Ýorkdaky guramanyň ştab-kwartirasynda geçirilýän mejlisi wagtlaýyn togtadyldy. Nýu-Ýorkyň iň meşhur binalarynyň biri Empaýr-steýt bildingiň sosial ulgamynda bolsa “Men gowy” diýen habar peýda boldy. “Golos Ameriki” neşiriniň belleýşi ýaly, titremeler ýaşaýjylara 2011-nji ýylyň 23-nji awgustynda Jorjiýa ştatyndan Kanada çenli ýaýran ýertitremäni ýatlatdy. Şonda ýertitremäniň ululygy 5,8 bal bolup, bu Ikinji jahan urşundan bäri iň güýçli ýertitreme boldy. Hususan-da, bu ýertitreme ABŞ-nyň paýtagtynda Jorj Waşingtonyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikde jaýryklaryň döremegine we Ak öýüň hem Kapitoliýanyň ewakuasiýa edilmegine getirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir