Fransuz awtoöndürijisi Renault täzelenen Captur krossowerini tanyşdyrdy. Bu barada motor1.com habar berýär. Awtoulagda täze çyralar, bamper, kapot we logotip peýda boldy. Salonda 10,4 dýuým ekranly (öň 10,25 dýuým) täze multimediýa ulgamy ornaşdyryldy. Bezeg üçin hrom we deri peýdalanylmady, soňky material kenep ýaly gaýtadan işlenen materiallardan we täzelenip bilýän çeşmelerden taýýarlanyldy. Birnäçe ýyl ozal peýda bolan RS Line toplumynyň ýerine täze – Esprit Alpine ulanyldy. Ol ýazgyly tagtajyklaryň, kuzowyň iki reňkli nusgasy esasynda giň şahsylaşdyrma mümkinçilikleriniň, şeýle hem 19 dýuým teker diskleriniň bolmagy bilen tapawutlanýar. Krossower 90, 140 we 160 at güýji öndürýän hereketlendirijiler bilen hödürlenýär. Ulag ýedi tizlikli robotlaşdyrylan mehaniki geçiriş gutusyna eýedir. Şeýle hem bu modeliň gibrid görnüşi bar. Täzelenen Renault Captur-yň önümçiligi şu ýyl Ispaniýada başlar. Bahalar yglan edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir