Redmi kompaniýasy Turbo smartfonlarynyň täze hataryny çykarar. Weibo sosial ulgamynda kompaniýa Little Tornado (“Kiçijik Tornado”) kod ady bilen Redmi Turbo 3 gurluşyny anons etdi. Gajetiň esasy artykmaçlygy Snapdragon 8s Gen 3 prosessorynyň kömegi bilen flagman öndürijiligi bolar, şol bir wagtyň özünde ol Redmi K seriýaly smartfonlardan arzan bolar. Smartfonyň 2024-nji ýylyň aprel aýynda Hytaýda görkezilmegine garaşylýar. Soňrak ol dünýä bazaryna hem çykar we “Gizmochina” neşiriniň çaklamagyna görä, onuň ady Poco F6 diýlip üýtgediler. Mundan başga-da, bu brend bilen ýene bir model – F6 Pro taýýarlanýar, gürrüňlere görä, ol Snapdragon 8 Gen 3 prosessorynyň doly derejeli wersiýasyny alar we maý aýynda çykar. Turbo seriýasyna ýene nähili smartfonlaryň goşuljakdygy belli däl. Ýöne Xiaomi bu hataryň gurluşlarynyň “orta aralyk öndürijilik landşaftyny üýtgetmäge” gönükdirilendigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir