Kia kompaniýasy ulagyň duralgada duran ýerinden öz-özünden tigirlenip gitmegine sebäp bolup biläýjek meselesiniň bardygy sebäpli 427 407 sany Telluride wnedorožniginiň yzyna çagyrylandygyny habar berdi diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli dolandyryş gullugyna (NHTSA) salgylanýan MSN habar berýär. Aralyk walda we öňde sag tarapdaky hereketlendiriji walda bar bolan önümçilik kemçiligi awtoulag duruş düzgünine geçirilende olaryň doly ýapyşmazlygyna sebäp bolup biler. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý ulaga zeper ýetmegine we onuň öz-özi tigirlenmegine getirip biler. Yza çagyryş 2020-2023-nji ýyllarda goýberilen Telluride modelleriniň hemmesine, şeýle-de, 2024-nji modelleriniň hem käbirlerine degişlidir. Kia Telluride-niň eýelerine müşderilere hyzmat ediş merkezine ýa-da ýerli söwda dellallaryna ýüz tutup, ulaglarynyň yza çagyrylmaga degişlidigini ýa-da däldigini anyklamagy maslahat berdi. Şeýle hem, ulagyň eýelerine näsazlygy duýduryjy şakyrdamak ýa-da kuwwaty peselmek ýaly alamatlara üns bermek maslahat berilýär. Awtoulag öndürijisi sürüjileri mesele çözülýänçä el tormozyny ulanmaga çagyrýar. Kia-nyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky söwda dellallary programma üpjünçiligini mugt täzelemäge we ähli zeper ýeten aralyk wallary çalyşmaga borçly edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir