Transfermarkt portalynyň hasabyna görä, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubunyň ýarym goragçysy Kobbi Maýnu 2024-nji ýylyň başyndan bäri dünýäniň has gymmatlan oýunçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada portalyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Aprel aýynda 19 ýaşyny dolduran Maýnunyň bahasy 29 mln ýewro artdy, häzir ol 35 mln ýewro barabar. Häzirki möwsümde ýarym goragçy esasy “MÝ” topary üçin 21 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi. Şeýle-de, ilkinji üçlüge Ispaniýanyň “Barselonasyndan” 17 ýaşly goragçy Pau Kubarsi we Mýunheniň “Bawariýasynyň” ýarym goragçysy Aleksandar Pawlowiç girdi. Oýunçylaryň ikisiniň-de bahasy 25 mln ýewro bolup, Kubarsiniň bahasy 23,5 mln ýewro, Pawlowiçiňki 23 mln ýewro artdy. “Bawariýadan” Ýozua Kimmih ýylyň başyndan bäri dünýäniň iň arzanlan oýunçysy boldy. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Kimmihiň bahasy 15 mln ýewro pese düşdi we häzir 60 mln ýewro barabar. Onuň yzyndan bahalary 10 mln ýewro arzanlan ýene 19 oýunçy gelýär. Şolardan ilkinji üçlüge Londonyň “Çelsisinden” Moýses Kaýsedo we “Barselonadan” Pedri girdi. Olaryň bahasy häzir 80 mln ýewrodyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir