SamMobile-yň berýän habaryna görä, Samsung 2024-nji ýylda düýpgöter täze, epläp bolýan Galaxy Z Fold 6 Ultra smartfonyny hödürlär. Ultra modeliniň işlenip taýýarlanýandygy baradaky myş-myşlar bireýýämden bäri gulaga degýärdi, ýöne höwesjeňler Günorta Koreýanyň sertifikat merkeziniň maglumatlar bazasynda SM-F958 belgili telefonyň bardygyny indi bilip ýörler, bu ýerde adatça 8-lik belgi onuň adynda “Ultra” sözüniň barygyny aňladýar. Häzirki wagtda Galaxy Z Fold 6 Ultra -nyň Günorta Koreýa bazary üçin işlenip taýýarlanýandygy mälimdir. Ony beýleki ýurtlarda goýbermegiň meýilleşdirilip-meýilleşdirilmeýändigi barada entek maglumat ýok. Galaxy Z Fold 6 Ultra-nyň Galaxy Z Fold 6-nyň adaty wersiýasyndan nähili tapawutlanjakdygy belli däl. Şeýle-de bolsa, onuň iň täze Snapdragon 8 Gen 3 For Galaxy prosessory, titandan korpus, Gorilla Glass Armor ekran goragy we kämilleşdirilen kameralar bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir