OpenAI islendik adamyň gepleýşine meňzedip hakyky sesleri döretmäge mümkinçilik berýän Voice Engine guralynyň işe başlandygyny habar berdi. Sesi klonlamak üçin tehnologiýa bary-ýogy 15 sekuntlyk ses nusgasy gerek diýip, engadget.com habar berýär. Voice Engine OpenAI-yň 2022-nji ýyldan bäri ösdürip gelýän teksti sözleýşe öwrüji - API-sine esaslanýar. Kompaniýa ony eýýäm önümlerine ses bermek üçin ulanyp ýör, ýöne indi tehnologiýa beýlekiler üçin hem elýeterli bolar. OpenAI Voice Engine-ny köp ýerde ulanyp boljakdygyny belleýär: Okamak: Gural adamyňka has meňzeş ses bilen tekstleri daşyndan okap biler. Dil terjimesi: Voice Engine dil bilişleri dürli derejedäki adamlara birek-birege has gowy düşünmäge kömek edip biler. Geplemekde kemçiligi bolan adamlara kömek: Voice Engine sözleýiş taýdan kemçilikli adamlara öz sesi bilen gepleşmek mümkinçiligini döredip berer. Şeýle-de bolsa, OpenAI bu tehnologiýa bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň hem bolup biljekdigine düşünýär. Päliýamanlar galp wideo ýa-da ses ýazgylaryny döretmekde Voice Engine-ny öz bähbitlerine ulanyp bilerler. Voice Engine entek giň gerimde işe girizilmäge taýyn däl, sebäbi henizem çözülmeli gizlinlik meseleleri bar. Hususan-da, Voice Engine resmi taýdan işe girizilenden soň, AI tarapyndan döredilen sesleriň meşhur şahsyýetleriň seslerine juda meňzeş bolmagynyň öňüni almak üçin “gadagan sesleriň sanawy” düzüler. Voice Engine abuna ýazylmak arkaly elýeterli bolar. Bahasy, takmynan, 162 500 söze barabar million “simwoly” 15 dollar bolar. Ýakynda OpenAI-yň Microsoft bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan edendigini ýatladýarys. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Stargate atly emeli aň esasly superkompýuter dörediler. Taslama 100 milliard dollar maýa goýlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir