Halkara energetika gullugy (HEG) ýakyn 10 ýylda emeli aňyň (AI) energiýany sarp edişiniň 500% artjakdygyny çaklaýar. Bloomberg-iň habar bermegine görä, bu hasaplaýyş kuwwatynyň ep-esli ýokarlanmagyny talap edýän AI-niň ösmegi bilen baglanyşykly. Mysal üçin, Beýik Britaniýada maglumat merkezleriniň elektrik energiýasyna bolan islegi alty esse ýokarlanyp biler. National Grid Plc. kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Jon Pettigrýuwyň sözlerine görä, ýyladyş ulgamynyň, ulaglaryň we senagatyň elektrikleşdirilmegi bilen bagly onsuzam kynçylyk çekýän ýurduň elektrik energiýasy ulgamyna ep-esli agram salar. HEG-iň çaklamagyna görä, bütin dünýäde ýakyn üç ýylda maglumat merkezleriniň, AI-niň we kriptowalýutanyň elektrik energiýasyna islegi iki esse artyp biler. Munuň özi energiýa ulgamlarynyň giňeldilmegi üçin ep-esli maýa goýumlaryny talap eder. Beýik Britaniýada National Grid 800 kilowolta çenli naprýaženiýeli ultra ýokary woltly tor döretmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu iri energiýa çeşmelerini we isleg merkezlerini birleşdirmek bilen, tutuş ýurt boýunça elektrik energiýasyny giň köpçülik üçin geçirmäge mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde, Dubaýda geçen COP26-da dünýäniň ähli ýurtlary gazylyp alynýan ýangyçdan tapgyrlaýyn ýüz öwürmek barada ylalaşdylar. Munuň özi energiýa torlarynyň diňe bir giňeldilmeli bolman, eýsem ekologiýa taýdan has arassa bolmalydygyny aňladýar. Beýik Britaniýanyň Energetika ministrliginiň öňünde durýan esasy päsgelçilik – energiýa ulgamynyň gurluşygy. Bu gaty gymmada düşýän iş, ýöne ol AI-niň we beýleki tehnologiýalaryň geljekde ösüşini üpjün etmek üçin zerur bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir