2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň barşynda taraplar “Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2023-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň Meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtadylar. 2024-nji ýyldaky çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Türkmenistanyň Hökümetiniň we MHG-niň bilelikdäki taslamalaryny ýakyn geljekde durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy. Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda ýurtda raýatlygy bolmadyk adamlary aradan aýyrmak boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda durlup geçildi. Raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanyny azaltmak we onuň öňüni almak ugrunda Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen baglanyşykly meseleleri milli we halkara derejesinde çözmek baradaky borçnamalaryna wepalydygy mälim edildi. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir