26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar. Bu ýerde dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklary hem ýaýbaňlandyryldy. Doganlyk ýurtlaryň her biri amaly-haşam sungatynyň, halk senetçiliginiň dürli görnüşlerini, hojalyk önümlerini we geçmişden galan beýleki gymmatlyklary görkezdi. Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynyň mejlisler zalynda giň gerimli baýramçylyk konserti guraldy. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Sahnada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp çykyşlaryň esasyny medeniýetleriň dialogy, halklaryň dostlugy baradaky garaýyşlar düzdi. Gazagystanyň “Hazyna” we Gyrgyzystanyň “Dilgir” tans toparlary ajaýyp halk tanslaryny görkezdiler. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan we Saha (Ýakutiýa) Respublikalaryndan, Moldowadan (Gagauziýa) gelen sungat ussatlary dürli aýdymlary ýerine ýetirdiler. Sahnada türk we özbek halk saz toparlarynyň milli nusgawy saz gurallarynda ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary ýaňlandy. Olar dürli žanrlara degişli eserleriň özboluşly ýerine ýetiriş usulyny görkezdiler. “Altyn garagöz” (Türkiýe Respublikasy) we “Buhoro mawjlari” (Özbegistan) halk tans toparlarynyň çykyşlary joşgunly aýdymlary, ajaýyp halk tanslary bilen tapawutlandy. “Meňli” tans toparynyň Tywa Respublikasyndan (Russiýa Federasiýasy) “Edegeý” tans we moda teatrynyň sungat ussatlary bilen bilelikde ýerine ýetiren “Bilezik” atly aýdym-sazly kompozisiýasy konserte aýratyn bezeg berdi. “Galkynyş”, “Näzli”, “Laçyn”, “Miras”, “Serpaý”, “Aşgabat” ýaly toparlar özüne çekiji tansly sahna çykyşlary ýerine ýetirdiler. Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir