26-njy martda Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy. Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan bu halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylar halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama-döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlary, kitap sergisi bilen tanyşdylar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir