2024-nji ýylda Samsung kompaniýasy takmynan 50 smartfon we planşet modelini One UI 7-ä täzelär. Bu barada GizmoChina neşiri SamMobile çeşmesine salgylanyp habar berýär. Google-yň 2024-nji ýylyň iýul aýynda Android 15-iň üstünde işlemegini tamamlamagyna garaşylýar. Soňra Samsung One UI 7 ulgamyny Android-iň täze nusgasyna birleşdirer, munuň birnäçe aý dowam etmegi mümkin. Bu bolsa islendik Galaxy enjamynyň programma üpjünçiliginiň täzelenmesini alyp başlamagy üçin köp wagt garaşmaly boljakdygyny aňladýar. Samsung heniz Android 15 bilen üpjün ediljek enjamlaryň resmi sanawyny çap etmedi. SamMobile-yň redaksiýasy soňky ýyllarda Günorta Koreýa kompaniýasynyň smartfonlaryny täzelemeginiň tertibine esaslanyp, özbaşdak sanaw düzdüler. Şeýlelikde, SamMobile şu ýyl flagman Galaxy S seriýasyndan S21, S21+, S21 Ultra, S21 FE, S22, S22+, S22 Ultra, S23 FE, S23, S23+, S23 Ultra, S24, S24+ we S24 Ultra smartfonlarynyň Android 15-e täzelenjekdigine ynanýar. Galaxy Z seriýasynda – Z Flip 3, Z Flip 4, Z Flip 5 we Z Flip 6, Z Fold 3, Z Fold 4, Z Fold 5 we Z Fold 6. Galaxy A seriýasynda – A14, A15, A23, A24, A25, A33, A34, A53, A54, A72, A73. Galaxy Tab seriýasyna – S8, S8+, S8 Ultra, S9, S9+, S9 Ultra, S9 FE, S9 FE+ girýär. Galaxy F seriýasyna F54, F34 we F15 girýär. Galaxy M seriýasyna M15, M33, M53, M34 we M54 girýär. SamMobile bu seriýalaryň görkezilen tertipde: Galaxy S-den Galaxy M-e çenli täzelenjekdigine ynanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir