Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2027-nji ýyldan başlap Nike brendiniň futbol eşiginde oýnar. Germaniýanyň Futbol Assosiasiýasy (DFB) Amerikanyň sport egin-eşik öndürijisi bilen ýedi ýyllyk şertnama gol çekişendigini mälim etdi diýip, Sports.ru habar berýär. 2026-njy ýylyň ahyryna çenli DFB öň baglaşylan şertnama görä, Adidas bilen işleşer. Nemes brendi bilen hyzmatdaşlyk 70 ýyl dowam etdi (1954-nji ýyldan bäri). DFB-niň prezidenti Bernd Noýendorf: "Geljekki hyzmatdaşlyk DFB-ä geljek on ýylda Germaniýada futboly ösdürmek üçin esasy maksatlaryň üstünde işlemäge mümkinçilik berer"-diýdi. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Nike DFB-ä ýylda 100 million ýewrodan gowrak pul tölär - bu guramanyň häzirki wagtda Adidas-dan alýanyndan iki esse köp. Adidas-yň häzirki wagtda kyn günleri başdan geçirýändigini bellemelidiris. Ozal habar berşimiz ýaly, ol 2023-nji ýylyň ahyrynda sap ýitgileri çekdi, bu 1992-nji ýyldan bäri ilkinji şeýle ýagdaýdyr. Ýitginiň esasy sebäbi, dawaly hereketi sebäpli repçi Kanýe Uestiň Yeezy brendi bilen hyzmatdaşlygyň kesilmegidir. Netijede, nemes öndürijisi ýüzlerçe million ýewro ýitirdi we häzirki wagtda öňki hyzmatdaşynyň önümlerini öz bahasyndan satyşdyrýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir