Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi 1403-nji Gün hijrisi ýylynda (2024-nji ýylyň 20-nji martynda başlady) ýurduň içinde we daşary ýurtlarda 30-dan gowrak sergi guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Orient agentliginiň TOLO news-e salgylanyp habar bermegine görä, bu maksatnamanyň çäklerinde Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Türkmenistanda owgan harytlarynyň ýene bir sergisini guramagy göz öňünde tutýar. Aşgabatda Owganystanda öndürilen önümleriň ilkinji sergisi 2024-nji ýylyň 4 – 6-njy martynda geçirildi we ol owgan wekiliýeti tarapyndan üstünlikli diýlip kabul edildi. Öndürijiler birnäçe şertnama baglaşyp bildiler diýip, çeşmeler belleýär. Türkmenistandan daşary owgan häkimiýetleri öz önümlerini Gazagystanda, Özbegistanda, Eýranda, Türkiýede, Russiýada, Hindistanda we Hytaýda görkezmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir