Italiýanyň Lamborghini superkar öndürijisi 2023-nji ýylyň jemini jemledi, netijede ýyl birnäçe görkeziji boýunca kompaniýa üçin rekord ýyl boldy. Lamborghini taryhynda ilkinji gezek 10 000-den gowrak awtoulag satdy diýip, kompaniýanyň maliýe hasabatyna salgylanýan auto.ru habar berýär. 2023-nji ýyldaky söwdanyň soňky netijesi boýunça 10112 awtoulag satyldy. Her modeliň aýratynlykdaky satuwy barada jikme-jik maglumat berilmeýär, ýöne kompaniýanyň ýolbaşçylary netijäniň flagman Revuelto modeliniň goşandyny hasaba almazdan gazanylandygyny tassyklaýar. Kompaniýanyň amal girdejisi 2022-nji ýyldakydan 12,1% köpelip, 2,66 milliard ýewro boldy. Girdeji 17,8 göterim ýokarlanyp, 723 million ýewro ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, Lamborghini-niň Revuelto modeli üçin 2026-njy ýyla çenli, Huracan we Urus üçin önümçiliginiň ahyryna çenli sargytlary bar. Lamborghini-niň maliýe müdiri Paolo Poma kompaniýanyň özüni awtoulag öndürijisi däl-de, eýsem, kaşaň harytlary öndüriji hökmünde görkezýändigini aýdandygy bellärliklidir. 2024-nji ýylda Lamborghini öz hataryny täzelemegi meýilleşdirýär: täze superkary - Huracan mirasdüşerini, şeýle hem Urus krossoweriniň döwrebaplaşdyrylan görnüşini hödürlär. Mundan başga-da, italýan brendi çydamlylyk ýaryşlarynyň iň ýokary diwizionynda ilkinji gezek çykyş eder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir