ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Geljegi uly gözleg taslamalary müdirligi (DARPA) Aýda demir ýol konsepsiýasyny ösdürmek üçin Northrop Grumman bilen şertnama baglaşdy diýip, New Atlas neşiri habar berýär. Taslama Aýda adamyň durnukly bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen 10 ýyllyk Aý arhitektura mümkinçiliklerini öwrenmek işiniň (LunA-10) bir bölegidir. Aý demir ýoly geljekki Aý bazasynyň infrastrukturasynyň möhüm bölegine öwrülip biler. Ol bazanyň dürli desgalarynyň arasynda adamlary, ýükleri we materiallary daşamak üçin peýdaly bolar. Demir ýol ulagy Aýdaky beýleki ulag görnüşlerinden birnäçe artykmaçlyga eýedigi bilen tapawutlanýar. Ol enjamlara we skafandrlara zeper ýetirip bilýän Aý tozanyna has durnuklydyr. Şertnamanyň bir bölegi hökmünde Northrop Grumman Aý demir ulgamyny döretmek, konsepsiýa we binagärlik prototiplerini ösdürmek hem-de gurluşyk, tehniki hyzmat meselelerini çözmek üçin zerur interfeýsleri we çeşmeleri kesgitlär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir