NASA-nyň gözlegçileri Bennu asteroidinde “ýaşaýşyň düzümlerini” tapdylar. Daily Mail-iň habar bermegine görä, takmynan, 45 million ýyllyk Bennu tozanynda magniý fosfaty, fillosilikatlar we glisin ýaly, ýaşaýşyň ilki dörän döwründe Ýerde bar bolan maddalar tapyldy. Magniý fosfaty Ýerdäki ummanlarda we gury ýerde, ösümlik tohumlarynda bolýar we adam süňkleriniň hem-de myşsalarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Fillosilikatlar planetamyzyň tektoniki toýnunyň düzüm bölegidir, glisin bolsa beloklaryň esasy bölegi bolan aminokislotadyr. Bennuda düzüminde suw bolan minerallar hem tapyldy. "Gadymy suw dünýäsinden" gelip çykandygyna ynanylýan asteroidde bu "maddalaryň" tapylmagy Ýerdäki ýaşaýşyň kosmosdan getirilen bolmagy baradaky çaklamany berkidýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir