Hindi Ylym Institutynyň gözlegçileri bir logiki tora birikdirilen dronlary ulanmagyň täze ulgamyny döretdiler. Bu ulgam dürli tebigy betbagtçylyklara, hususan-da, tokaý ýangynlaryna garşy göreşmekde ulanylyp bilner diýip, Techxplore ýazýar. Toparda hereket edýän dronlar biri-biri bilen “aragatnaşyk saklar” we howply ýerleriň temperaturasyna howadan gözegçilik eder. Bu ýangynyň ýaýramagynyň öňüniň, adamlara başardyşyna garanda, has netijeli alynmagyna mümkinçilik berer. Toparyň karar beriş prosesi merkezleşdirilmedik we bellenen tabşyryklary ýerine ýetirmekde iň ýokary netijäni gazanmaklyga gönükdirilýär. Dronlardaky köp sanly datçikler zerur maglumatlary çalt ýygnamaga mümkinçilik berýär, soňra bolsa olar emeli aň tarapyndan işlenilýär. Geljekde ykjam ýangyç guýuş we zarýad beriş stansiýalary hökmünde ulanyljak bu ulgamyň çäginde dronlary we ýerüsti pilotsyz ulaglary birleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, bu ulgam entek meýdan synagyndan geçirilmedi. Dronlaryň az ýük göterijiligi we tutuş ulgamyň gymmat düşýänligi sebäpli taslama birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolar diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir