Çeburaşka baradaky ikinji we üçünji filmler bir wagtda surata düşüriler. TASS bu barada russiýaly aktýor Sergeý Garmaşyň sözlerine salgylanyp ýazýar. Filmiň surata düşüriş işleri tomusda başlar. «Çeburaşka 2» filminiň surata düşüriş işleri häzirki wagtda taýýarlyk döwründe. Iýun aýynyň başynda «Çeburaşka 2» we «Çeburaşka 3» filmleriniň surata düşürilmegi başlar, birbada iki sany uly göwrümli film surata düşüriler» diýip, aktýor aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir