Täze Qualcomm prosessory, goşa selfi kamerasy we esasy Leica kamerasy bolan Xiaomi Civi 4 Pro smartfony hödürlendi. Xiaomi Civi 4 Pro egri gyralary, 1.5K durulygy (2750x1236 piksel) we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan 6,55 dýuým AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, iň ýokary ýagtylygyň 3000 nit-e ýetýändigi, Corning Gorilla Glass Victus 2 taplanan aýnanyň, şeýle hem Dolby Vision we HDR10+ goldawynyň bardygy aýdylýar. Täze önümiň frontal kamerasy 4K-da wideo ýazgyny goldaýan 32 megapiksel durulykda iki sensor bilen hödürlenýär. 50 megapiksellik esasy kamera, flagman Xiaomi 14-däki ýaly, Leica Summilux obýektiwine eýedir. Şeýle hem smartfonda 2 esse optiki ýakynlaşdyrma we 12 megapiksel ultra giň burçly modully 50 megapikselli teleobýektiw bar. Civi 4 Pro-nyň öndürijiligine Adreno 750 wideo tizlendirijisi bolan täze 4nm Snapdragon 8s Gen 3 çipi jogap berýär. Ulanyjylara 12 ýa-da 16 GB operatiw ýatly we 256 ýa-da 512 GB goşmaça ýatly nusgalar elýeterli bolar. 4700 mA/sagat sygymly akkumulýator 67W çalt zarýad bermegi goldaýar. Beýleki aýratynlyklara Wi-Fi 6, Bluetooth 5.4 we aragatnaşyksyz tölegler üçin NFC girýär. Xiaomi Civi 4 Pro Hytaýda 3 müň ýuan (takmynan 420 dollar) bahadan satuwa çykarylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir