Samsung kompaniýasy Apple Vision Pro enjamy bilen bäsleşip biljek Galaxy Glass goşmaça hakykat äýnegini işläp düzýär. Bu barada GizmoChina neşiri höwesjeňler tarapyndan Patently Apple-da tapylan Samsung patentlerine salgylanyp habar berdi. Galaxy Glass-iň patent çyzgylarynda äýnegiň tutawaçlarynyň düýbünde göterilýän gapdan zarýad almak üçin gerek bolan magnit birikdirijilerini görüp bolýar. Äýnegiň akkumulýatory gönüden-göni tutawaçlarda ýerleşip, Vision Pro ýaly daşarky güýç çeşmesine bolan zerurlygy aradan aýyrýar. Patentde garyşyk we giňeldilen hakykat enjamlarynda köplenç ulanylýan kameralar ýa-da datçikler, komponentler agzalmaýar. Munuň syzdyrylan resminamalaryň aýratynlygy bilen baglanyşyklydygyna ynanýarlar – olar Galaxy Glass-iň dizaýnyny suratlandyrmaga we tanyşdyrmaga ünsi jemleýärler. Syzdyrylan maglumatda äýnegiň göterilýän gabynyň iki görnüşi görkezilýär. Olaryň birinde enjamyň özüni görmek üçin aýna gapak göz öňünde tutulýar. GizmoChina patentleriň bardygyna garamazdan, Galaxy Glass-iň öndüriljekdigi barada netije çykarmak üçin entek irdigini aýtdy. Samsung bir wagtlar garyşyk, giňeldilen ýa-da goşmaça hakykat enjamnyny döretmek barada pikir eden bolsa-da, bu pikiri şowsuz hasaplap, taslamany ýatyrypdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir