Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy X (Twitter) sosial ulgamynda göni ýaýlymyň çäklerinde beýnisine kompaniýanyň çipi ýerleşdirilen ilkinji hassany wideo arkaly görkezdi. Ol sekiz ýyl mundan ozal boýnundan aşagy ysmaz bolan 29 ýaşly Noland Arbaugh bolup çykdy. Arbonyň sözlerine görä, Neuralink-iň operasiýasy oňa azda-kände durmuşda doly bahaly ýaşamaga döredilen ikinji mümkinçilik boldy. Implant hassa kompýuter bilen aragatnaşyk saklamagy öwrenmäge kömek etdi: web sahypalary açyşdyrmak, wideo görmek we hatda küşt we Sid Meier's Civilization VI ýaly wideo oýunlaryny oýnamak. Bu operasiýa 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda hiç hili kynçylyksyz geçirildi. Eýýäm bir gije-gündizden soň Arbo keselhanadan çykaryldy. Bu adam şeýle operasiýa edilmäge mümkinçiligi bolan beýleki adamlary proseduralardan gorkmazlyga çagyrdy. Neuralink çipini adam beýnisine ornaşdyrmak boýunça ilkinji operasiýanyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilendigini ýatladýarys. Fewral aýynda Mask hassanyň ýagdaýynyň gowudygyny we onuň syçanyň kursoryny eýýäm dolandyrýandygyny aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir