Şanhaýda dünýäde ilkinji görkezme meýdançasy işläp başlandy, bu ýeriniň ýaşaýjylary 10 gigabitlyk (10G) giň zolakly internete girip bilýärler diýip, Gizmochina habar berýär. F5G-A diýlip atlandyrylýan täze hyzmat 50G-PON infrastrukturasynyň ulanylmagyna esaslanýar. Uly faýllary sanalgyja sekuntda ýükläp almaga mümkinçilik berýän ýokary tizlikli bulut giň zolakly aragatnaşygy üpjün edýär. Mysal üçin, 90GB 8K-lik filmi indi 72 sekuntda göçürip alyp bolýar, bu adaty gigabitlik internetden 10 esse çaltdyr. 10G ulgamy adamyň durmuşynyň ähli ugurlaryny özgertmegi wada berýär: onuň durmuşyny, işini, bilimini, dynç alşyny we internetdäki beýleki adamlar bilen gatnaşygyny. Görkezme synagy jemgyýetiniň agzalary: Dury 3D wideolary hakyky wagtda, özlerini edil içinde ýaly duýup görüp bilerler. Maglumatlary we faýllary derrew bulut bilen sinhronlarlar. “Akylly öýüň” bökdençsiz işlemeginden lezzet alarlar. Ýokary çaltlykda maglumatlary geçirmek China Telecom-yň we Yanpu etrap häkimliginiň "15 minutlyk aragatnaşyk tegelegi" başlangyjy üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu maksatnama öýden 15 minutlyk aralykda ähli zerur çeşmeler - iş, bilim, dynç alyş, hyzmatlar ýerleşýän amatly şäher gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Internetiň tizligi boýunça dünýä rekordynyň 1,8 Pbit / s görkezijisi bolan Daniýanyň we Şwesiýanyň alymlaryna degişlidigini bellemek gerek. Şanhaýdaky görkezme meýdançasy diňe bir synag edijileriň çäkli toparyna däl-de, eýsem aşa ýokary tizlikli giň zolakly internetiň hemmeler üçin elýeterli bolan ilkinji ýeri boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir