Ilon Mask Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasynyň kör adamlara görmäge mümkinçilik berjek Blindsight implantyny işläp taýýarlaýandygyny habar berdi. Muny TASS ýetirýär. “Blindsight – Neuralink-iň Telepathy-dan soň indiki önümi. Blindsight implantynyň eýýäm maýmynlarda synagdan geçirilendigini bellemek gerek. Ilkibaşda şekilleriň durulygy Nintendo-nyň ilkinji grafiki oýunlary ýaly pes bolar, ýöne ahyrky netijede ol adaty adam görşünden ýokary bolup biler” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy. Öň, Mask Neuralink-iň hatda hiç haçan görmedik adamlaryň görşüni hem dikeldip biljekdigine ynanýandygyny aýdypdy. Mundan öň kompaniýa implant oturdylan ilkinji hassanyň nähili küşt oýnaýandygyny görkezdi. 29 ýaşly Nolan Arbo 8 ýyl mundan ozal heläkçilikli hadysa sebäpli ysmaz bolandygyny, şol sebäpli egninden aşakda hiç zat duýmaýandygyny aýtdy. Indi ol pikiriň güýji bilen noutbuk ekranynda küşt tagtasyndaky mallaryň ýerini üýtgedip bilýär. Arbonyň aýtmagyna görä, ol kompýuter oýunlaryny gurluşyň zarýad almagy üçin arakesmeler bilen oýnaýar. Neuralink 28-nji ýanwarda ilkinji gezek adam beýnisine implant oturtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir