Hytaýyň CRRC Changke kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen işleýän otlyny üstünlikli synagdan geçirdi diýip, Sinhua habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berýär. Synaglar Çançun şäherindäki (Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Szilin welaýaty) ýörite ugurda geçirildi. Otly sagatda 160 km tizlige ýetdi, hünärmenleriň pikiriçe, bu "demir ýol ulaglary pudagynda wodorod energiýasyny ulanmakda täze öňe gidişlikdir". Wodorod bilen işleýän otlularyň birnäçe artykmaçlygy bar. Olar dizel ýangyjyndan we elektrik energiýasyndan tapawutlylykda, zyýanly zyňyndylary çykarmaýarlar. Şeýle hem, olar sessiz işleýändigi, çalt ýangyç guýmak ukyby we uly ýöreýiş ätiýaçlygy bilen tapawutlanýar. Wodorod otlulary bir gezek guýlan ýangyç bilen 800-1000 km aralygy geçip bilýärler. Hytaý wodorod ulaglaryny işjeň ösdürýär. Ýurduň wodorod ýük awtoulaglarynyň, awtobuslaryň, taksileriň we ýeňil ulaglaryň parkyny döretmek baradaky uly meýilnamalary bar. Wodorod otlulary Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaly beýleki ýurtlarda hem synagdan geçirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir