Hytaýyň HDM Global kompaniýasy Nokia telefonynyň täze nusgasyny hödürlär. Bu barada Nokiamob neşiri habar berýär. Nokia brendiniň hukuklaryna eýelik edýän kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda täze telefonyň piksel şekili «Meşhur telefon maý aýynda gaýdyp gelýär» ýazgysy bilen peýda boldy. Media žurnalistleri paýlaşylan bu maglumaty öwrendiler we kompaniýanyň 25 ýyl ozal çykan Nokia 3210 modelini gaýtadan çykarjakdygyny çakladylar. Höwesjeňleriň pikiriçe, HMD başga bir meşhur Nokia telefonynyň – 3310 modeliniň täze modifikasiýasyny hödürläp biler. Bu nusga HDM Global-yň 3310 belgili Nokia enjamlaryny täzeden çykarmak işine başlandygy bilen tassyklanýar. Şeýle-de bolsa, şekillendirilen telefon 3310-dan has 3210-a meňzeýär. Neşiriň žurnalistleri enjamyň giň ulanyjylara niýetleniljekdigini öňe sürdüler. Şeýle hem enjam KaiOS-da işlär. Nokia 3210 kompaniýanyň 1999-njy ýylda çykan jübi telefonydyr. Bu model täjirçilik taýdan iň üstünlikli nusga hasaplanýar: enjamyň takmynan 160 million nusgasy satyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir