Infiniti kompaniýasy QX80 krossoweriniň täze neslini hödürledi. Bu barada Infiniti-niň metbugat gullugy habar berýär. Üç hatarly täze nesil QX80 ulagynyň dizaýny «Hereket sungaty» hökmünde terjime edilip bilinjek «Artistry In Motion» stilinde ýerine ýetirildi. Awtoulag egri çyzyklary we brendiň yşykly täze nyşany bolan uly radiator paneli bilen üpjün edildi. Ikinji hatardaky ýolagçylara biometrik sowadyş mümkinçiligi elýeterlidir. Ýörite datçik ýolagçynyň yssylaýandygyny kesgitleýär we howany dolandyrmak ulgamy zerur mukdarda salkyn howany ikinji hatara gönükdirýär. Mundan başga-da, awtoulagda sürüji we öňdäki ýolagçy, şeýle hem ikinji hatardaky ýolagçylar üçin gurnalan massaž ulgamy bolar. Krossower pnewmatik «Electronic Air Suspension» we «Dynamic Digital Suspension» adaptasiýa amortizatorlary bilen üpjün ediler, bu bolsa sürüş aýratynlyklaryny we hereketde amatlylygy ýokarlandyrar. Awtoulag 450 at güýjüni öndürýän 3,5 litrlik turbo hereketlendirijisi we dokuz basgançakly awtomatiki geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulag iki nusgada – yzky tekerleri ýa-da ähli tekerleri hereketli nusgada hödürlenýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir