TikTok sosial ulgamy YouTube we Google bilen bäsdeşligiň esasynda täze Creator Rewards monetizasiýa maksatnamasyny hödürledi. Creator Rewards-yň tölegi hasaplaýyş formulasy dört görkezijä esaslanýar: mazmunyň özboluşlylygyna, wideonyň dowamlylygyna, auditoriýany çekijiligine we gözleg gymmatyna. Bulardan soňky görkeziji platformada gözleg ulgamyny giňeltmek bilen, oýnuň düzgünini üýtgedýär diýip, kz.kursiv.media belleýär. Bu platformanyň özboluşly, tomaşaça gyzykly we laýklary, teswirleri hem repostlary ýygnaýan, bir minutdan uzak dowam edýän we programmadaky gözleg soraglaryna laýyk gelýän wideolara ähmiýet berjekdigini aňladýar. Aktual gözlegleri öwrenmek üçin kompaniýa Creator Search Insights guralyny ulanmagy teklip edýär. Bu gural şahsy we umumy maglumatlara esaslanyp, döredijä wideo üçin ideýa hödürleýär. Monetizasiýa maksatnamasyna 18 ýaşdan uly awtorlar gatnaşyp bilýär. Olaryň sahypasynda azyndan 10 müň abunaçy we geçen 30 günde 100 müň tomaşa bolmaly. 2024-nji ýylyň başynda neşir edilen Adobe-yň hasabatyna görä, Birleşen Ştatlaryň bäş ýaşaýjysynyň ikisi TikTok-y brauzer hökmünde ulanýar. Z nesliniň her onunjy wekili Google-da däl-de, TikTok-da maglumat gözleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir