Aaron Teýlor-Jonson täze Jeýms Bond bolup biler diýip, iňlis The Sun gazeti habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, aktýor arzyly keşbi oýnamak üçin eýýäm teklip aldy we ýakyn wagtda şertnama baglaşar. Teýlor-Jonsonyň ady ozal hem agent 007-niň keşbine dalaşgärleriň arasynda agzalypdy. Şeýle-de bolsa, MGM studiýasy we franşizanyň prodýuserleri tarapyndan resmi tassyknama entek ýok. Jeýms Bonduň keşbini iň soňky ýerine ýetireniň 2006-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli aralykda agent 007-niň keşbinde oýnan Deniel Kreýg bolandygyny ýatladýarys. Bond hakyndaky indiki - hasap boýunça 26-njy filmiň haçan çykjakdygy entek belli däl. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Aaron Teýlor-Jonson Sony / Marvel-iň “Kreýwen-awçy” kinokomiksinde peýda bolar. Aktýor “Kik-Ass”, “Godzilla”, “Anna Karenina” we “Million ownuk bölekler” filmlerinde ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýar.Aaron Teýlor-Jonson täze Jeýms Bond bolup biler diýip, iňlis The Sun gazeti habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, aktýor arzyly keşbi oýnamak üçin eýýäm teklip aldy we ýakyn wagtda şertnama baglaşar. Teýlor-Jonsonyň ady ozal hem agent 007-niň keşbine dalaşgärleriň arasynda agzalypdy. Şeýle-de bolsa, MGM studiýasy we franşizanyň prodýuserleri tarapyndan resmi tassyknama entek ýok. Jeýms Bonduň keşbini iň soňky ýerine ýetireniň 2006-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli aralykda agent 007-niň keşbinde oýnan Deniel Kreýg bolandygyny ýatladýarys. Bond hakyndaky indiki - hasap boýunça 26-njy filmiň haçan çykjakdygy entek belli däl. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Aaron Teýlor-Jonson Sony / Marvel-iň “Kreýwen-awçy” kinokomiksinde peýda bolar. Aktýor “Kik-Ass”, “Godzilla”, “Anna Karenina” we “Million ownuk bölekler” filmlerinde ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir