Gazagystanly alymlar Angliýanyň Mançester şäherindäki Jon Raýlands kitaphanasynyň gaznalaryndan X-XII asyrlarda türki diline terjime edilen ilkinji Gurhany tapdylar diýip, MIR 24 habar berýär. Bu gadymy golýazma türki-yslam medeniýeti üçin uly gymmatlykdyr. Alymlar munuň Ispijabda, takmynan, X-XII asyrlarda türki diline terjime edilen ilkinji Gurhan bolup biljekdigini çaklaýarlar. Hut şol wagtlar gadymy Garahanlylar taýpalary yslam dinini kabul edip başladylar. Şeýle-de, alymlar Beýik Britaniýadan 15 sany gadymy golýazmanyň we 500 arhiw resminamasynyň nusgalaryny getirdiler. Bu tapyndylaryň ekspozisiýasy respublikanyň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkezinde görkeziler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir