Finlýandiýa yzygider ýedinji ýyl dünýäde iň bagtly ýurt diýlip ykrar edildi. Bu barada BMG-niň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan Bütindünýä bagt dokladyna salgylanyp, TASS habar berýär. Reýtingde Demirgazyk Ýewropanyň ýurtlary ýene iň ýokary orunlary eýelediler: ikinji orunda – Daniýa, üçünji – Islandiýa, dördünji – Şwesiýa. Sanawda soňky orny (143-nji orun) Owganystan eýeledi. Bütindünýä bagt doklady BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlangyjy bilen 2012-nji ýyldan bäri çap edilýär. Reýting düzülende gözlegçiler ilatyň jan başyna düşýän JIÖ, sosial goldaw derejesi, ömür dowamlylygy, raýat azatlyklarynyň berjaý edilişi, iş kepilligi, korrupsiýa derejesi we ş.m. ýaly görkezijileri göz öňünde tutýarlar. Esas hökmünde üçýyllyk döwürde toplanan ortaça görkezijiler alynýar. Reýtingiň neşir edilmegi 20-nji martda bellenilýän Halkara bagt gününe gabat getirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir