Warner Bros. Pictures Animation we Dr. Seuss Enterprises studiýalary “Pişik” multfilminiň – 2003-nji ýylyň adybir filminiň remeýkiniň üstünde işläp başladylar. Reliz 2026-njy ýylyň 6-njy martyna meýilleşdirilýär diýip, film.ru habar berýär. “Pişik” ýazyjy Doktor Sýuzyň 1957-nji ýyldaky “Şlýapaly pişik” kitabyna esaslanýar. Sýužet erkek dogan bilen gyz dogana täze şäherde ornaşmaga kömek edýän gürleýän Pişik barada gürrüň berýär. 2003-nji ýylyň filminde Maýk Maýers, Dakota Fanning we Alek Bolduin oýnady. Bu taslama prokatda şowsuz boldy, tankytçylar tarapyndan oňyn däl seslenme aldy we “Altyn malina” baýragyna eýe boldy. Remeýkde baş keşbe Bill Heýder (“Barri”) ses berer. Režissýorlar we ssenariýaçylar hökmünde Alessandro Karloni (“Kung-fu Panda 3”) we “Oskara” dalaşgär Erika Riwinoýýa (“Borat 2”) çykyş eder. Aktýorlar düzüminde Kuinta Branson, Bouen Ýang, Soçil Gomes, Mett Berri we Pola Pell hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir