“Tagtlaryň oýny” serialyny döredijiler Dewid Benioff bilen D.B.Uaýss tiz wagtdan hytaýly ýazyjy Lýu Sysiniň XXI asyryň iň meşhur ylmy fantastiki eserleriniň biri bolan “Üç jisim meselesi” romanynyň ekranlaşdyrylmasyny çykarar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, şourannerler serialy işläp taýýarlanlarynda bu romanyň uly muşdagy bolan ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama epizodik keşbi hödürlediler. Ýöne syýasatçy bu teklibi ret etdi. “Men özümi hakyky özge planetalylaryň çozuşy üçin goramaly bolarmykam diýip gorkýaryn” – diýip, ol degişmek bilen jogap berdi. Şol bir wagtyň özünde, Ak öýüň öňki ýolbaşçysy kino taslamalaryna eýýäm gatnaşypdy. Mysal üçin, ol 2023-nji ýylyň iň meşhur striming taslamasy bolan “Dünýäni yzda goý” apokaliptik trilleriniň prodýuseridir. “Üç jisim meselesiniň” premýerasy 28-nji martda Netflix-de bolar. Baş keşpleri Rozalind Çao, Benedikt Wong, Saý Çin, Liam Kanningem, Eýsa Gonsales we Jon Bredli ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir