Nýu-Ýorkda “Düýbünden nätanyş” biografik filmi surata düşürilip başlandy. Ol meşhur sazanda, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Bob Dilanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanýar. Filmde baş keşbi “Dýunanyň” we “Willi Wonkanyň” ýyldyzy Timoti Şalame ýerine ýetirer. Bu barada Rolling Stone neşiri ýazýar. Internet torunda eýýäm aýdym-saz dramasynyň surata düşürilişinde Timoti Şalame bilen ilkinji suratlar peýda boldy. Film Dilanyň 1960-njy ýyllarda peýda bolşy, onuň folk-sazandasyndan rok-n-roll ikonasyna geçişi barada gürrüň berer. Filmiň režissýory hökmünde “Ford Ferrarä garşy”, “Logan”, “Ýuma gidýän otly” we “Indiana Jons 5” filmleri bilen belli bolan Jeýms Mengold çykyş eder. Şalame bilen birlikde filme Edwadr Norton we El Fanning gatnaşýar. Filmiň anyk relizi heniz yglan edilmedi, ýöne ony geljek ýyl çykarmak meýilleşdirilýär. ABŞ-da filmiň distribýutory Searchlight Pictures studiýasy bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir