Londonda ýabany tebigatyň suratlarynyň Britan baýragynyň (British Wildlife Photography Awards) ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şu ýyl bäsleşige Birleşen Patyşalygyň ýabany tebigatyna bagyşlanan 14 000-den gowrak surat iberildi. Baş baýragy Raýan Stalkeriň “Umman sergezdany” suraty aldy. Bu suratda köp sanly çaňňalaklar bilen örtülen futbol topy şekillendirilipdir. Awtoryň aýtmagyna görä, ol bu topy Dorsetiň kenarynda tapýar. “Ýaşaýyş gurşawy” kategoriýasynda Daniel Walwerde Fernandesiň “Darbaz” suraty ýeňiji boldy. Bu suratda Şerwud-Paýns tokaý seýilgähinde çypar tilki agajyň şahasyndan usullyk bilen ýöräp barýar. “Haýwanlaryň portretleri” kategoriýasynda birinji orny Mark Wilýamsyň gijeki garasary şekillendirýän suraty eýeledi. Bäsleşige gatnaşan işleri baýragyň saýtynda görmek bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir